Log in
Turkmenhydromet Log In
Username
Password
Remember Me
 
 

History of State Committee on Hydrometeorology under the Cabinet of Ministers of Turkmenistan

Türkmenistanda ilkinji meteorologiýa gozegçilikleri häzirki Türkmenbaşy (Krasnowodsk şäherinde) şäherinde 1869-njy ýylda ýola goýulýar. 1920-nji ýyllarda halk hojalygynyň dikeldilip başlamagy bilen bir hatarda Ýerbentde, Garabogaz aýlagynda meteorologiýa beketleri işläp başlaýar. 1924-nji ýylda diýarymyz boýunça jemi 19 sany meteobeket we 10 sany gözegçilik nokat işleýär. 1926-njy ýylda bolsa, Türkmenistanda Gidrometeorologiýa müdirliginiň döredilmegi ýurdun howa we gidrologiki taýdan öwrenilmegi boýunça has wajyp soraglary çözmeklige girişýär. 1930-njy ýyllarda jemi 28 sany meteobeket açylýar, şol sanda Derweze we Çagyl obalarynda meteorologiýa beketleri işe girizilýär we gözegçilik işleri ýola goýulýar.

Meteorologiýa gullugynyň işgärleri hatda Beýik watançylyk urşy ýyllarynda hem howa gözegçiliklerini dowam etdiripdirler. 1941-nji ýylyň awgust aýynda Amyderýanyň boýunda Burdalyk meteorologiýa bekedi, 1942-nji ýylda Amyderýanyn ýakasynda Danşer-Gala meteorologiýa bekedi, 1944-nji ýylda bolsa Merkezi Garagumda Bokurdak meteorologiýa bekedi döredilýär. Şeýlelikde 1930-1950-nji ýyllar aralygy täze meteobeketleri döretmekde güýçli depgin bilen ösüşe eýe bolan ýyllardyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda umumy 100-den gowrak gidrometeorologiýa beketleri we gözegçilik nokatlary bilen bilelikde, jemi 4 sany welaýat Gidrometeorologiýa merkezleri hem döredilýär. Bu beketlerde zähmetkeş meteorologlar tomsuň jöwzasyna ýa-da gyşyň aňzakly sowugyna garamazdan, gije-gündiziň dowamynda howada bolup geçýän hadysalaryň birini hem gözden düşürmän, gözegçilik edýärler. Türkmengidrometiň awiameteorologiýa merkezi we welaýat raýat awiameteorologiýa beketleri ýurdymyzyň howa menzillerinde gije-gündiziň dowamynda uçarlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin degişli işler alyp barýarlar. Türkmengidrometiň esasy wezipesi diňe bir howa çaklamalaryny düzüp, ilata ýetirmek bilen çäklenmeýärler. Ýurdymyzyň howa şertlerini öwrenip, onuň oba hojalyk ekinlerine ýetirýän täsiri, öri meýdanlarda otlaryň ösüşi ýaly maglumatlar taýýarlap, howply howa hadysalary baradaky duýduryşlary öňünden habar bermek bilen, ýetiriljek zyýanyň öňüni almakda uly işler alyp barýarlar. Şeýle hem, ýurdymyzdaky ulyly-kiçili derýalaryň suwlulygyna gözegçilik edilip, olaryň mukdary barada çaklamalar düzýärler. Türkmenistanyň tutýan meýdanyny özleşdirmekde-de, geçirilen meteorologiki gözegçilikleriň aýratyn ähmiýeti ulydyr.

Diýarymyzyň howa maglumaty gullugy 85-ýyllyk taryhyny öz içine alýar. Bütindünýä Meteorologiýa guramasy (BMG) 1950-nji ýylyň 23-nji martynda döredilýär. 1993-nji ýylyn ýanwar aýynyň 3-ne Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz bu guramanyň düzüminiň agzalygyna girýär. Şol döwürden bäri ýagny 23-nji mart güni gidrometeorologiýa ulgamynyň işgärleri tarapyndan hem bellenilip geçilýär.

© 2013 National Committee of Hydrometeorology under the Cabinet of Ministers of Turkmenistan

Phone: (+99312) 392 400, 392 479 Fax: (+99312) 392 442, This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it., This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

Back to top