Giriş
Türkmengidromet ulgamyna girmek
Ady
Parol
Meni ýatlamak
 
 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

VI-14
XV-5
I-4-а
I-5-а

Gidrometeorologiýa işi hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý.,№3, 46-madda)

(Türkmenistanyň 18.04.2009 y. № № 32-IV Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we
goşmaçalar bilen)

Şu Kanun gidrometeorologiýa işi babatda hukuk esaslaryny belleýär hem-de ilaty, döwlet häkimiýet we dolandyryş. organlaryny, ýuridiki we fiziki taraplary gidrometeorologiýa maglumaty bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1 madda. Gidrometeorologiýa işi

Gidrometeorologiýa işi daş-töweregi gurşap alýan tebigy sredanyň ýagdaýy we onuň hapalanmagy hakynda maglumat almak üçin gözegçilikleri geçirmegiň, toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, analiz etmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň toplumlaýyn ulgamydyr, şeýle hem onuň bilen baglanyşykly maglumat häsiýetindäki gaýry işler we hyzmatlardyr.

2 madda. Gidrometeorologiýa işi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy

Gidrometeorologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu Kanundan we Türkmenistanyň gaýry normatiw hukuk aktlaryndan durýar.

3 madda. Gidrometeorologiýa işiniň subýektleri

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitet we onuň territorial organlary we guramalary, şeyle hem özüniň borjuna degişlilikde daş-töweregi gurşap alýan tebigy sredanyň ýagdaýyna gözegçilikler geçirýän döwlet organlary we gulluklary, fiziki we ýuridiki şahslar gidrometeorologiýa işiniň subýektleridir.

4 madda. Gidrometeorologiýa işiniň obýektleri

Gidrometeorologiýa işiniň obýektlerine şular degişlidir: klimat, meteorologik we gidrologik şertler, tebigy we antropogen faktorlaryň täsiri netijesinde daş-töweregi gurşap alýan tebigy sredanyň üýtgemeleri, aýry-aýry regionlar we ekoulgamlar.

2 BAP. GIDROMETEOROLIGIÝA IŞINI DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE DOLANDYRMAK

5 madda. Gidrometeorologiýa işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala aşyrýan organlar

Gidrometeorologiýa işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we dolandyrmak Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary tarapyndan amala aşyrylýar.

6 madda. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:
gidrometeorologiýa işi babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitlemek we geçirmek;
gidrometeorologiýa işi babatda dolandyrmak;
gidrometeorologiýa işini amala aşyrmagyň şertlerini we tertibini kesgitleýän normatiw aktlary kabul etmek;
gidrometeorologiýa işini amala aşyrmagyň meseleleri bоýunçа döwlet normatiwlerini we metodik maslahatlary tassyklamak;
gidrometeorologiýa işi babatda beýleki meseleleri düzgünleşdirmek.

7 madda. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň, ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:
gidrometeorologiýa işi babatda döwlet syyasatyny amala aşyrmak;
gidrometeorologiýa işi babatda döwlet maksatnamalarynyň we çäreleriniň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;
atmosferanyň, deňiz sredasynyň, ýerüsti suwlarynyň, (suw obýektleriniň), oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdanlarynyň ýagdaýyna, ýer üstüniň radiasiýa ýagdaýyna monitoringi guramak;
özüne wedomstwo tabynlygyndaky podrazdeleniýelerine guramaçylyk-tehniki we metodik ýolbaşçylygy amala aşyrmak;
gözegçilik setiniň, gidrometeorologik we geliogeofiziki habary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, analiz etmek we ýaýratmak ulgamynyň ösdürilmegini we hereket etmegini üpjün etmek;
gidrometeorologiýa işi babatda normatiw aktlarynyň, döwlet normatiwleriniň, metodik we beýleki umumy hökmany talaplarynyň taslamalaryny taýýarlamak;
gidrometeorologiýa babatynda işleriň ähli görnüşleri boýunça talaplaryň berjaý edilişine öz ygtyýarlyklarynyň, çäklerinde gözegçiligi üpjün etmek;
maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gidrometeorologiýa gaznasyny, şeyle hem habaryň merkezleşdirilen hasaba alnyşyny girizmek we ony sarp edijilere bermek;
ýoriteleşdirilen gidrometeorologik hyzmatlar we habar üçin tarifleri işläp taýýarlamak;
daş-töweregi gursap alýan tebigy sredanyň ýagdaýyna baha bermek we çaklamak boýunça ylmy barlaglary guramak we geçirmek;
howanyň, suwlulygyň, oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň, ösümlik öri meýdanlaryny gidrometeorologik we geliogeofiziki hadysalarynyň, klimatyň global we sebitde üýtgemeleriniň gysga möhletli we uzak möhletli çaklamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny we düzülmegini amala aşyrmak;
döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlaryny, ýaragly güýçleriniň, ykdysadyýetiň pudaklaryny, ilaty we beýleki peýdalanyjylary howply gidrometeorologik hadysalar hakyndaky ekstren maglumaty goşmak bilen düzgün-maglumat beriş materiallary, hakyky we çaklama gidrometeorologik habar bilen üpjün etmek;
klimat, agroklimat we suw resurslary hakynda ylmy-tehniki edebiýaty neşir etmek;
hakyky we garaşylýan howa şertleri, howply gidrometeorologik hadysalary hakynda ilata köpçülige habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habar bermek;
şertnamalaýyn esasda ýöriteleşdirilen gidrometeorologik hyzmaty amala aşyrmak;
edara görnüşindaki we şahsy taraplara gidrometeorologiýa enjamlary Türkmenistana getirmek we ulanmak üçin rugsatnama bermek (öz iş wezipeleriniň çaklerinde daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik edýän döwlet edaralaryndan we gulluklaryndan başga);
kadrlary taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünarini ýokarlandyrmak boýunça çareleri işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;
daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen gidrometeorologik habaryň we maglumatlaryň global alyş-çalşyna gatnaşmak;
ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny gidrometeorologik we geliogeofiziki habar bilen üpjün etmegiň meýilnamalaryny we shemalaryny işläp taýýarlamak;
gurulýan obýektleri proýektirlemek üçin gidrometeorologik häsiýetnamalary hasaplamagyň normalaryny we kadalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmak;
Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri düzgünleşdirmek.
Gidrometeorologiýa proseslerine we hadysalaryna işjeň täsir etmek boýunça işleri ýerine ýetirmek diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň esasynda amala aşyrylyp bilner.

8 madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň ygtyýarlylygy

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:
gidrometeorologiýa işini geçirmek üçin ýer uçastogynda we akwatoriýalaryň böleginde işlemäge rugsatlar bermek;
olara wedomstwo tabynlygyndaky territoriýada ýerleşen gidrometeorologik gözegçilikleriň setini ösdürmäge we onuň netijeli işlemegini üpjün etmäge gatnaşmak;
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitete we onuň podrazdeleniýelerine howply gidrometeorologik hadysalaryň derňewlerinde ýardam etmek.

3 BAP. GIDROMETEOROLOGIÝA IŞINI GURMAK

9 madda. Gidrometeorologiýa işiniň ýörelgeleri

Gidrometeorologiýa işi aşakdaky ýörelgeleri berjaý etmegiň esasynda amala aşyrylmalydyr:
gidrometeorologik gözegçilikleriň globallygy, toplumlaýynlygy, sistemalylygy we üznüksizligi;
Türkmenistanyň territoriýasynda gözegçilikleri geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalarynyň gidrometeorologik maglumaty toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, analiz etmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bütewiligi;
döwlet gidrometeorologik ulgamynyň işini halkara gidrometeorologiýa setiniň, işi bilen utgaşdyrmak we goşulyşdyrmak;
daş-töweregi gurşap alýan tebigy sredanyň hakyky we garaşylýan ýagdaýy hakyndaky habary peýdalanmagyň elýeterliligi, ygtybarlylygy, zerur ýeterlikliligi we netijeliligi.

10 madda. Gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasy

Ilaty we ykdysadyýetiň pudaklaryny gidrometeorologik habar bilen doly möçberde kanagatlandyrmak maksady bilen gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasy döredilýär.
Türkmenistanyň territoriýasynda gidrometeorologiýa işini amala aşyrýan ýuridiki we fiziki şahslar gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasy üçin alnan gidrometeorologik habary Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitete bermäge borçludyrlar.
Gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasynyň maglumatlaryny bermegiň, işläp taýýarlamagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň tertibi bu gazna hakynda Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
Gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasynyň bellenilen tertipde Türkmenistanyň Arhiw gaznasynyň düzümine degişli edilen dokumentleri Türkmenistanyň arhiwler we arhiw gaznalary hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda saklanylýar.

11 madda. Gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň döwlet ulgamy

Gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň döwlet ulgamy aşakdaky stansiýalardan, postlardan we gözegçilikleriň tehniki usullaryndan durýar:
ýerüsti meteorologik;
meteorologik awiasiýa, hemra we radiolokasion; agrometeorologik;
gidrologik (tebigy we emeli suw howdanlarynda);
aerologik;
ozonometrik;
radiometrik;
ýöriteleşdirilen gidrometeorologik; geliogeofiziki;
daş-töweregi gurşap alýan tebigy sredanyň ýagdaýynyň monitoringi, şeýle hem habary toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, bermegiň we saklamagyň kiçi ulgamlary.

12 madda. Gözegçilik setiniň stansiýalary we postlary, olaryň goragy

Döwlet gözegçilik gidrometeorologiýa setiniň stansiýalary we postlary gidrometeorologiýa maglumatlaryny gös-göni alýan, işläp taýýarlaýan we gidrometeorologiýa merkezlerine berýan, gidrometeorologiýa baradaky ilkinji önümçilik birligidir.
Gözegçilik gidrometeorologiýa setiniň stansiýalarynyň we postlarynyň jemi gözegçilikleriň döwlet gidrometeorologiýa setini emele getirýär.
Gözegçilik gidrometeorologiýa setiniň stansiýalary we postlary, olar üçin bellenilen tertipde bölünip berlen ýer territoriýalarynyň uçastoklaryny we akwatoriýalaryň bölegini, şeýle hem gözegçilikleriň öndürilmegini, maglumatlaryň işlenip taýýarlanylmagyny we berilmegini üpjün edýän tehnologik toplumlary goşmak bilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň doly hojalygy ýöretmeginiň we operatiw dolandyrmagynyň hukugynda durýar.
Gözegçilik setiniň stansiýalaryny we postlaryny ýatyrmak, şeýle hem olaryň ýerleşýän ýerini üýtgetmek, täzelerini açmak, hereket edýän stansiýalary we postlary ýapmak diňe Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň rugsady bilen we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary bilen ylalaşyp geçirilýär.
Gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň geçirilýän ýerlerinde tebigy prosesleriň geçişi hakyndaky ygtybarly maglumatyň alynmagyny üpjün etmek maksady bilen gözegçilik ediji gidrometeorologiýa setiniň töwereginde gorag zonalary girizilýär, ol punktuň çäginden 200 metr daşlykda ýapyk liniýa bilen çäklendirilendir.
Ýer uçastoklaryny we akwatoriýalaryň böleklerini olarda gözegçilik ediji gidrometeorologiýa setiniň stansiýalaryny we postlaryny ýerleşdirmek üçin bölüp bermek tehnologik toplumlary goşmak bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň towakganamasy boýunça ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary tarapyndan geçirilyar.
Gözegçilik stansiýalaryny we postlaryny ýerleşdirmek üçin bölünip berlen ýer uçastoklary Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitet bilen ylalaşmazdan yzyna alnyp bilinmez. Uçastoklarynda gözegçilik ediji gidrometeorologiýa setiniň stansiýalary we postlary ýerleşen ýer eýeleri, ýerden peýdalanyjylar, şeýle hem ýer uçastoklarynyň eýeleri we tebigatdan gaýry pendalanyjylar gözegçilikleri öndürmek, synaglary seçip almak, abatlaýyş, dikeldiş, we gaýry işler üçin bu punktlara girelge (geçelge) döretmäge mümkinçilik bermäge borçludyrlar.

13 madda. Gidrometeorologiýa subýektleriniň meteorologiýa babatdaky işi

Gidrometeorologiýa subýektleriniň meteorologiýa babatdaky işi tebigy meteorologik hadysalaryň, tebigy, tehnogen, fiziki, himiki we gaýry prosesleriň atmosferada onuň ýer we suw örtügi bilen, daş-töweregi gurşap alýan sredanyň janly organizmleri we jansyz obýektleri bilen özara hereketindäki ýagdaýyny we ötüşini kesgitlemäge gönükdirilendir.
Aktiw radiasiýanyň radiasion balansyny düzýän maglumatlar toplumyny almak üçin aktinometrik gözegçilikler geçirilýär. Atmosferanyň standart we aýratyn derejelerdäki meteomaglumatlary almak üçin aerologik gözegçilikler geçirilýär. Meteorologik şertleriň oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdan ösümlikleriniň ösüşine täsirini öwrenmek üçin agrometeorologik gözegçilikler geçirilýär.

14 madda. Gidrometeorologiýa subýektleriniň gidrologiýa babatdaky işi

Gidrometeorologiýa subýektleriniň gidrologiýa babatdaky işi derýalaryň, kölleriň, suw howdanlarynyň, kanallaryň, deňiz akwatoriýasynyň, gaýry suw obýektleriniň we tutuş aşakdakylar üçin zerur bolan suwuň ätiýaçlyklary hakyndaky maglumatlary toplamak maksady bilen amala aşyrylýar:
ilatyň we halk hojalygynyň suw obýektleriniň gidrologik režimlerini üýtgetmek hakyndaky habara bolan isleglerini üpjün etmek (suw joşmagy, ýagyn suwunyň köp ýygnanmagy, suwda gaýyp ýören buzlar we ş. m.);
giňişlik-gidrologik režimiň wagtlaýyn kanunalaýyklyklaryny öwrenmek, suwuň döwlet tarapyndan hasaba alnyşyny, basseýnleriň we territoriýalaryň suw resurslarynyň we suw balanslarynyň hasaplarynyň ýöredilişini, hojalyk işiniň suw obýektleriniň režimine we suw serişdelerine edýän täsirine baha berişini öwrenmek.

15 madda. Aýratyn şertlerde gidrometeorologiýa işi

Aýratyn şertlerde (betbagtçylykly hadysalar, katastrofalar we awariýalar) we adatdan daşary ýagdaýlarda gidrometeorologiýa işi tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaylaryň öňüni almagyň we netijelerini ýok etmegiň ýeke-täk döwlet ulgamynyň hereket etmeginiň düzüm bölegidir.
Aýratyn şertlerde gidrometeorologiýa işi şu Kanuna, «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, şeýle hem Türkmenistanyň ýörite normatiw hukuk aktlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

16 madda. Gidrometeorologik habary peýdalanmak

Gidrometeorologiýa işiniň netijeleri daşary ýurtlar we halkara guramalary, şeýle hem Türkmenistanyň ýuridiki we fiziki şahslary tarapyndan ykdysadyýetiň çygyrlarynda we pudaklarynda peýdalanylyp bilner.
Gidrometeorologik maglumat we umumy maksatly önüm açyk we umumy elýeterdir, Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly çäklendirilen elýeterlik kategoriýasyna degişli edilen maglumat muňa girmeýär. Umumy maksatly habar gidrometeorologiýa babatynda we onuň bilen ýakyn- pudaklarda gidrometeorologik malumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasyna degişlidir hem-de sarp edijilere mugt berilýär.
Yöriteleşdirilen habar sarp edijilere şertnamalaýyn tölegli esasda berilýär.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitet berilýän habaryň düzümi hakynda, bu habary ýetirmegiň formalary hakynda we sarp edijilere habar hyzmatyny amala aşyrýan guramalar hakynda sarp edijileri habarly etmäge borçludyr.

4 BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

17 madda. Gidrometeorologiýa işine gatnaşyjylaryň arasyndaky jedelleri çözmek

Gidrometeorologik habary öndürijiler bilen sarp edijileriň hem-de üçünji şahslaryň arasyndaky jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

18 madda. Şu Kanunyň düzgünleriniň bozulanlygy üçin jogapkärçilik

Gidrometeorologiýa işi hakyndaky kanunçylygyň bozulmagynda günäkär bolan wezipeli adamlar we raýatlar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

19 madda. Halkara şertnamalary

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitet Butindünýä meteorologiýa guramasynda we beýleki halkara guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanunda göz öňünde tutulandaka garanda başga normalar bellenilse, halkara şertnamalarynyň normalary ulanylýar.
 

 
Türkmenistanyň                                               Saparmyrat
Prezidenti                                                          Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri
1999-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 15-i
№ 392-1

© 2013 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky Milli komiteti

Tel: (+99312) 392 400, 392 479 Faks: (+99312) 392 442, Этот адрес электронной почты защищен от спам-ботов. У вас должен быть включен JavaScript для просмотра., Этот адрес электронной почты защищен от спам-ботов. У вас должен быть включен JavaScript для просмотра.

Back to top