Giriş
Türkmengidromet ulgamyna girmek
Ady
Parol
Meni ýatlamak
 
 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky
Gidrometeorologiýa baradaky Milli komitet hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky Milli komitet (mundan beýläk Türkmengidromet diýip atlandyrylýar) gidrometeorologiýa babatda döwlet syýasatyny ýöredýän hem-de Türkmenistanyň halk hojalygynyň pudaklarynyň, goranmak toplumynyň we ilatynyň gidrometeorologiýa şertleriniň hakyky ýagdaýy we garaşylýan üýtgemeleri hem-de olaryň zyýanly netijeleri hakyndaky habar-maglumatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün edýän döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

2. Türkmengidromet öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryndan, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerinden, gidrometeorologiýa meseleleri baradaky halkara şertnamalaryndan hem-de şu Düzgünnamadan ugur alýar.

3. Türkmengidrometiň esasy wezipeleri:
ministrlikleri, edara tabynlygyndaky düzüm birlikleri, jemgyýetçilik guramalaryny we ilaty gidrometeorologiýa baradaky, şeýle hem gün işjeňligi hakyndaky habar-maglumatlar bilen üpjün etmek;
öri meýdanlaryň, oba hojalyk ekinleriň esasy görnüşleriniň hasyllylygynyň ýagdaýyny hasaba almak bilen, gidrometeorologiýa ýagdaýlarynyň, suwlulygyň, oba hojalyk ekinleriniň ekişi üçin amatly döwürleriň çaklamalaryny düzmek we ol maglumatlar bilen döwlet edaralaryny hem-de jemgyýetçilik guramalaryny  üpjün etmek;
tebigy we tehniki ylymlar babatda amaly barlaglary geçirmek, döwrebap öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak;
baglaşylan döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, gidrometeorologiýa babatda arkalaşykly hereket etmek we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak, şol sanda tebigy betbagtçylyklar bolan ýagdaýynda habar-maglumatlary, gidrometeorologiýa gözegçilikleriň ýeke-täk usulyýetini we olar baradaky maglumatlary toplamagyň we ýaýratmagyň ylalaşylan tehnologiýasyny birsyhly alyşmak;
ulgamdaky işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek;
halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we Bütindünýä Meteorologiýa guramasy bilen arkalaşykly işlemek;
Türkmenistanyň kanunçylygyny doly berjaý etmek bilen, döwlet meýilnamalaryny we maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça degişli işleri amala aşyrmak;
zähmeti goramak boýunça işi utgaşdyrmak, howpsuz we sagdyn zähmet şertleriniň döredilmegine we berjaý edilmegine gözegçilik etmek bolup durýar.

4. Türkmengidromet öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:
ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlarynyň binýadynda gidrometeorologik gözegçilikleriň mundan beýläk-de ösdürilmegini hem-de onuň ygtybarly işlemegini üpjün edýär;
atmosferanyň, ionosferanyň, ýerüsti suwlaryň (suw desgalarynyň), oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdanlarynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik geçirýär;
gidrometeorologiýa üpjünçiligini we zerur bolan habar-maglumatlary ministrliklere, edara tabynlygyndaky düzüm birliklerine, jemgyýetçilik guramalaryna we ilata ýetirmegi amala aşyrýar;
dahylly ministrlikler we edara tabynlygyndaky düzüm birlikleri bilen ylalaşyp:
a)    bada-bat habar-maglumatlary, şol sanda howply gidrometeorologiýa hadysalary hakyndaky habar-maglumatlary olara ýetirmek,
b)    iri senagat, ulaglar we oba hojalyk desgalaryny gidrometeorologiýa taýdan üpjün etmegiň taslamalaryny hem-de olary ulanmagyň meýilnama-çyzgylaryny işläp taýýarlamak;
gurulmagy meýilleşdirilýän oba hojalyk we senagat desgalaryna golaý ýerleşýän beketleriň geçirýän gidrometeorologik gözegçilikleriniň esasynda taýýarlanan maglumatlary şertnamalaýyn esasda berýär;
ýerine ýetirilýän gidrometeorologik hyzmatlaryň nyrhlaryny kesgitleýär we tassyklaýar;
döwlet gidrometeorologik maglumatlar gaznasynynyň işiniň ýöredilmegini üpjün edýär;
ylmy-amaly, gidrometeorologik we agrometeorologik gollanmalary we ýyllyk maglumatlary taýýarlamagy hem-de çap etmegi amala aşyrýar;
gözegçilik ulgamynda ölçegleriň häzirki zaman tehniki derejesini, bitewiligini we olaryň netijeleriniň deňeşdirmesini üpjün etmek boýunça metrologik kadalaryny we möçberlerini standartlaşdyrmak, ornaşdyrmak baradaky işleri ýerine ýetirýär, şeýle-de ölçeg serişdeleriniň metrologik gözegçiligini amala aşyrýar;
ministrliklerde we edara tabynlygyndaky düzüm birliklerde gidrometeorologik nokatlaryň gurnalyşyna, maglumatlaryň hasaba alynyşyna  hem-de saklanyşyna, şeýle-de gidrometeorologik gözegçilikleriň we işleriň geçirilişi boýunça ulanylýan kadalaşdyryjy resminamalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
ministrlikler we edara tabynlygyndaky düzüm birlikleri bilen gidrometeorologik üpjünçiligiň meseleleri boýunça arkalaşykly hereket etmegiň tertibini göz öňünde tutýan ikitaraplaýyn baş ylalaşyklary işläp taýýarlaýar we baglaşýar;
ulgamda tehniki howpsuzlygyň we önümçilik sanitariýasynyň hem-de zähmeti goramak boýunça kadalaryň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, degişli şertleri döretmek boýunça çäreleri guraýar;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy bilen halkara guramalarynda Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýär;
tabynlygyndaky işgärleriň goranmak we mobilizasion taýýarlygyny guraýar, döwlet we gulluk syrlarynyň saklanmagynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;
zähmet düzgün-nyzamyny pugtalandyrmak, işgärleriň jogapkärçiligini we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de döwlet eýeçiliginiň abat saklanylmagyny üpjün etmek boýunça işleri geçirýär;
tabynlygyndaky işgärleriň zähmet haklaryny we ony tölemegiň şertlerini degişli edaralar bilen ylalaşyp tassyklaýar;
öz işini gündelik we geljek üçin meýilleşdirmegi amala aşyrýar.

5. Türkmengidrometiň:
ýöriteleşdirilen gidrometeorologik üpjünçiligi boýunça işleri amala aşyrmaga hem-de dahylly guramalar, edara tabynlygyndaky düzüm birlikler we daşary ýurt firmalary bilen baglaşylýan şertnamalar esasynda habar-maglumatlary bermäge;
gidrometeorologiýa babatda ylmy taslamalary ýerine ýetirmeklige gatnaşmaga hem-de adatdan daşary tebigy hadysalar barada çaklama bahany bermek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmäge; 
Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda hünärmenleri taýýarlamaga, gaýtadan taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga hukugy bardyr.

6. Türkmengidromete Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan başlyk ýolbaşçylyk edýär. Başlygyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan bir orunbasary bardyr.

7. Türkmengidrometiň başlygy:
Türkmengidrometiň işine ýolbaşçylyk edýär we öz üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň öňünde şahsy jogapkärçilik çekýär;
Türkmengidromete degişli meseleler boýunça çözgütleri özbaşdak kabul edýär, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde garalýan, şeýle hem bellenilen tertipde beýleki ministrlikler we edara tabynlygyndaky düzüm birlikler bilen ylalaşmagy talap edýän meseleler muňa girmeýär;
Türkmengidrometiň merkezi diwanynyň we garamagyndaky birlikleriň wezipe sanawyny hem-de düzgünnamalaryny tassyklaýar;
öz ygtyýarlygynyň çäklerinde buýruklary we görkezmeleri çykarýar, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;
ulgamdaky merkezleri we bölümleri bellenilen tertipde döretmek we ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylan çözgütleri kabul edýär;
Türkmengidrometiň merkezi diwanynyň, ulgamdaky merkezleriň we beketleriň işgärlerini wezipä belleýär hem-de wezipeden boşadýar;
Türkmengidrometiň merkezi diwanynyň we ulgamdaky merkezleriň we bölümleriň işgärlerine höweslendiriş çärelerini hem-de düzgün-nyzam temmisini bellenilen tertipde ulanýar;
gidrometeorologiýa babatda has möhüm meselelere garamak üçin Türkmengidrometiň ýanynda ylmy-tehniki geňeşi döredýär, ol hakyndaky düzgünnamany we onuň şahsy düzümini tassyklaýar.

8. Türkmengidrometiň esasy we dolanyşyk serişdeleri, şeýle hem önümçilik işi üçin zerur bolan maddy gymmatlyklar onuň emlägi bolup durýar.

9. Türkmengidrometiň maliýe çeşmeleri býujet serişdelerinden we şertnama esasynda ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdejilerden ybarat bolup durýar.

10. Türkmengidromet edara görnüşindäki tarap bolup, onuň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhüri, şeýle hem Türkmenistanyň bank edaralarynda hasaplary bardyr.

© 2013 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky Milli komiteti

Tel: (+99312) 392 400, 392 479 Faks: (+99312) 392 442, Этот адрес электронной почты защищен от спам-ботов. У вас должен быть включен JavaScript для просмотра., Этот адрес электронной почты защищен от спам-ботов. У вас должен быть включен JavaScript для просмотра.

Back to top