Giriş
Türkmengidromet ulgamyna girmek
Ady
Parol
Meni ýatlamak
 
 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky Milli komitetiniň gurluşy

Tehniki merkeziň esasy işleri

Gidrometeorologiki maglumatlary telefon, telegraf kanallary we radio kanallary arkaly alyş-çalyşygy, alyp eşitdirmegi gurnaýar we üpjün edýär hem-de meteo enjamlary, radioaragatnaşygy gurnamagy, bejermegi we ölçeg serişdelerini pudakara barlagyndan geçirýär.

Türkmengidrometiň aragatnaşyk serişdeleriniň we elektron ölçeg serişdeleriniň ösdürmekde we kämilleşdirmekde bökdençsiz işlemekligi gurnaýar we üpjün edýär.

Türkmengidrometiň bada-bat çaklama edaralaryna soňundan alyp eşitdirmek üçin sebitara we dünýä çaklama merkezlerinden gidrometeorologiki maglumatlary kubul etmekligi amala aşyrýar.

Türkmenistanyň setlerindäki gidrometeorologiki beketlerde we nokatlarda geçirilen gözegçilik ölçegleriniň, degişli merkezleriň üsti bilen, umumy peýdalanylýan telegraf setlerinden, abonent telegraflardan, radioaragatnaşygyndan, başga pudaklaryň aragatnaşyk serişdelerinden kärendä alnan telefon-telegraf aragatnaşygyndan maglumatlaryny ýygnap hem-de býulleten maglumatlary jemläp soňundan Türkmenistanyň çaklama edaralaryna we daşary ýurt çaklama merkezlerine ibermekligi üpjün edýär.

Abonentleriň islegine görä, maglumatlaryň dolylygyny we öz wagtynda iberilýändigini hasaba alýar, barlagdan geçirýär we seljerýär hem-de aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen ýaýratmaklygyň programmasyny işläp düzýär.

"TürkmenGidromet" gurluşy

© 2013 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky Milli komiteti

Tel: (+99312) 392 400, 392 479 Faks: (+99312) 392 442, Этот адрес электронной почты защищен от спам-ботов. У вас должен быть включен JavaScript для просмотра., Этот адрес электронной почты защищен от спам-ботов. У вас должен быть включен JavaScript для просмотра.

Back to top